agzamak

agzamak
işlik
Bir zat barada gürrüň etmek, aýtmak, ýatlamak.
∙ Nikolaýy agzanoklarmy -- diýip, ene ýuwaşlyk bilen sorady. (M. Gorkiý, Ene)
∙ Mundan bir ýyl öňkisi bolsa agzajak hem däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
∙ Ol gozgalaňdan şowsuz gaýdanyny agzanda, sesiniň ysgyny gaçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Gurt agzasaň, gurt geler. (Nakyl)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»